“Akyldar şahyryň döredijiligi - çeper edebiýatyň kämil nusgasy” ady bilen okuw-usuly maslahaty geçirildi

,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasatynyň netijesinde beýik özgertmeleriň, uly üstünlikleriň ýyly hökmünde taryha girdi. Munuň özi eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň agzybir we merdana halky üçin bagtly durmuşy üpjün etmegiň mizemez binýady bolup, döwletimiziň we halkymyzyň dünýädäki abraýyna uly abraý, mertebe goşdy.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýudumyzyň her bir bilim ojagynda bolşy ýaly, biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem talyplaryň döwrebap bilim almaklary, olaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin gerekli bolan ähli şertler döredilip berilýär. Döredilip berilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ýaňy ýakynda Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň gurnamagynda  “Akyldar şahyryň döredijiligi - çeper edebiýatyň kämil nusgasy” ady bilen okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Hydyr Derýäýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda  Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Jeren Muradowa, Bibi Gurbangeldiýewa ”Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat temasyndaky goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti”, “Magtymguly Pyragy- beýik akyldar” diýen temalardan çykyş etdiler. Mugallymçylyk mekdebimiziň birinji ýyl talyplary Narjan Täjibaýewa, Altynjemal Mahmudowa dagylar beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat temasyndaky goşgulary bilen çykyş etdiler.  Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligi barada pikirler aýdyldy. Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen tire-taýpalaryny birleşdirmek, mähriban topragyňy goramak ýaly pikirler esasy oruny eýeleýär. Bu maslahatda talyplar beýik akyldarymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgularyny  hem okadylar.
Uzak aralykdan okuw-usuly maslahatyň ahyrynda geljegimiz bolan ýaşlary bilimli, terbiýeli, giň dünýä garaýyşly edip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen  halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.
Jeren Muradowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09