Türkmen dili we edebiýaty hepdeligi "Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy"
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda taryhy şahsyýetlerimizi hormatlamak, sarpalamak olaryň atlaryny ebedileşdirmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Taryhy şahsyýetlere hormat şu gün üçin möhümdir, ýöne ol ertirler üçin geljekki nesiller üçin iki esse möhümdir.
Şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen, ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli “Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy” atly türkmen dili we edebiýaty hepdeligi geçirildi.
Hepdeligiň maksady- “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny has-da dabaralandyrmak, türkmen dilimizi has içgin öwrenmek, türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik aýratynlygyny derňemek, ony ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, geljekki nesillere ýoýman ýetirmekde alnyp barylýan işleriň hatarynda guraldy.
Hepdeligiň dowamynda dürli görnüşli bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Olardan: “Ene dilim, eziz dilim, zybanym!” atly aýdym-sazly çykyş, “Kinofilmden bir parça” atly bäsleşik, “Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy” atly aýdym-sazly çykyş, krassword bäsleşigi, ”Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” atly aýdym-sazly çykyş, “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly aýdym-sazly çykyş, Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi, “Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!” atly diktant bäsleşigi, Hoş gelipsiň Diýara, Läle-reýhan Nowruzym!” atly aýdym-sazly çykyş, “Zehin başarnygy” atly bäsleşik, “Iň oňat okuw otagy” ýaly birnäçe bäsleşikler geçirildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen hepdeligiň jemleýji gününde milli Bahar baýramy mynasybetli “Nowruz-ynsan kalbynyň joşguny” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň ahyrynda hepdäň dowamynda geçirilen bäsleşiklere, çärelere gatnaşyp, ýeňiji bolan talyplara Mugallymçylyk mekdebiniň adyndan hormat hatlary şeýle-de mekdebiň Kärdeşler arkalaşygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Hepdeligi geçirmekde işjeňlik görkezen toparlara, mugallymlara, talyplara minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Bossan Murzaýewa