Saglygy goraýşyň binýady berkidilýär

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar.

Geçen ýylyň dowamynda köp sanly dürli maksatly desgalar bilen birlikde, paýtagtymyzda üç sany täze merkeziň — 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň täze bejeriş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäherinde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we lukmançylyk desgalarynyň ençemesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolaryň biri hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezidir.

Bu merkez täze şäheriň  durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şol düzüm bolsa ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki döwrebap desgalar bar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda hem möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesi ulanmaga berler. Şolaryň hatarynda Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň hem bolmagy Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Strategiki häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimi giňedi we hili ep-esli ýokarlandy. Täze bejeriş usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak wezipelerine hem aýratyn üns berilýär. Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine iberilýär.

Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Şeker TÄJIBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09