Ýeňişlerden ýeňişlere.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli 2024-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiňň orny” atly okuw-usuly maslahaty, edebi döredijilik işleriniň bäsleşigi hem-de taslama işleriniň sergisi geçirildi.
Bäsleşige edebi-döredijilik işleri bilen B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizden 211-nji toparyň talyby Ismailowa Jemile, 106-njy toparyň talyby Mahmudowa Altynjemal, 207-nji toparyň talyby Kakaýewa Sahypjemal gatnaşdylar.
Edebi-döredijilik işleriniň bäsleşiginde orta hünär okuw mekdepleri boýunça biziň mekdebimiziň 211-nji toparynyň talyby Jemile Ismailowanyň “Bagtly nesillere nusgalyk Peder...” atly liriki oýlanmasy tapawutlanan işlerň sanawyna girdi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.
Jeren Muradowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy