Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty hepdeliginiň çäklerinde geçirilen “Zehin başarnygy” atly bäsleşik
Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen, halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Akyldar şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ynsanperwer dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir.
Şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen, ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli “Arkadag hem Pyragy-köňülleriň şamçyragy” atly türkmen dili we edebiýaty hepdeligi geçirildi.
Hepdeligiň çäklerinde dürli görnüşli bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Olardan: “Ene dilim, eziz dilim, zybanym!” atly aýdym-sazly çykyş, “Kinofilmden bir parça” atly bäsleşik, “Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy” atly aýdym-sazly çykyş, krassword bäsleşigi, ”Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” atly aýdym-sazly çykyş, “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly aýdym-sazly çykyş, Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi, “Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!” atly diktant bäsleşigi, Hoş gelipsiň Diýara, Läle-reýhan Nowruzym!” atly aýdym-sazly çykyş, “Zehin başarnygy” atly bäsleşik, “Iň oňat okuw otagy” ýaly birnäçe bäsleşikler geçirildi.
“Zehin başarnygy” ady bilen geçirilen test bäsleşigi hem Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly we döredijiligine degişli soraglardan taýýarlanyldy. Bu bäsleşige şahyryň ömrüni, döredijiligini ürç edip okaýan, has içgin gyzyklanýan talyplaryň her topardan isleg bildirýäni gatnaşdy. Bäsleşikde 30-sany sorag hödürlenip, şol soraglara 40 minudyň dowamynda pikirlenip, bellemäge wagt berildi. Bäsleşige jemi 30 sany talyp gatnaşyp, olardan 1-nji orna- 1talyp, 2-nji orna- 2talyp, 3-nji orna- 2 talyp mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
1. Täjibaýewa Narjan 106–njy toparyň talyby I orun
2. Nuryýewa Güljemal 213–nji toparyň talyby. II orun
3. Saryýewa Jahan 212-nji toparyň talyby. II orun
4. Tagyýewa Çeper 214-nji toparyň talyby. III orun
5. Bekdurdyýewa Gülşirin 107-nji toparyň talyby. III orun
Bossan Murzaýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy