“Arkadag hem Pyragy – köňülleriň şamçyragy”
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň her bir güni toýdur baýrama beslenýär, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Gündogaryň göwher monjugy – Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda ägirt uly işler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä derejesinde giň gerim alýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Magtymguly – ynsan kalbynyň öçmejek nury”.
Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabaralanýan günlerinde biziň B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem şahyryň döredijilik dünýäsini, ömür ýoluny, dürli ýyllarda çap edilen eserlerini öwrenmek, olary talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek bilen bagly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ine, şol çäreleriň biri hem “Arkadag hem Pyragy – köňülleriň şamçyragy” ady bilen geçirilen türkmen dili we edebiýaty hepdeligidir.
Hepdelik 11-16-njy mart aralygynda mekdebizde dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu hepdeligi mekdebiziň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň mugallymlary şeýle-de mekdebiziň talyp ýaşlary geçirdiler.
Hepdeligiň birinji güni mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymy J.Gurbandurdyýewanyň guramagynda “Ene dilim, eziz dilim, zybanym” ady bilen aýdym-sazly wiktorina geçirildi. Bu wiktorinanyň çäklerinde mekdebiziň howlusynda çeper höwesjeňleriň çykyşlary daň säherden başlady. Wiktorinada türkmen diliň dürs ýazuw kadalary, türkmen diliniň taryhyna degişli dürli mazmunly soraglar taýýarlandy. Bu soraglara diňe bir mekdebiziň talyplary däl, eýsem, mugallymlary hem uly gyzyklanma bilen jogap berdiler.
Ýene-de şol gün Mugallymçylyk mekdebimiziň baýry halypa mugallymy A.Jowjiýewiň guramagynda “Kinofilmden bir parça” ady bilen bäsleşik geçirildi. Adyndan belli bolşy ýaly, bu bäsleşikde mekdebiziň talyplary dürli ýyllarda halk köpçüligine ýetirilen türkmen kinofilmlerini tanamak, onuň baş gahrymanlaryny we gahrymanlaryň keşplerini janlandyran aktýorlary tanamak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Bäsleşige mekdebiziň halypa mugallymlary eminlik etdiler.
Hepdeligiň ikinji güni mekdebiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary M.Amangeldiýewanyň guramagynda “Şanly ýylyň şygary-köňülleriň çyragy” atly aýdym-sazly bäsleşik hem-de B.Gurbangeldiýewanyň guramagynda krosword bäsleşigi geçirildi. Ir säherden mekdebiň howlusyny şatlyk-şowhuna bürän bu bäsleşikler diýseň täsirli boldy. Akyldar şahyrymyzyň ömür beýanyna, döredijilik aýratynlygyna bagyşlanan bu bäsleşik talyplaryň bilimlerini has-da artdyrdy.
13-nji mart güni türkmen dili we edebiýaty hepdeliginiň çäklerinde mekdebiziň mugallymy U.Baýramalyýewanyň guramagynda “Gelse Nowruz äleme reň kylar jahan peýda” ady bilen aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä gelenleri mekdebiziň talyp ýaşlar bahar buşlukçysy bolan Nowruz baýramynyň milli tagamlary, toý desterhanlary bilen garşyladylar. Mugallymçylyk mekdebimizde hereket edýän aýdym-saz gurnagynyň agzalarynyň ýerine ýetiren aýdymlar we tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Hepdeligiň dördünji güni mekdebiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymy S.Saparowyň “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” ady bilen geçiren aýdym-sazly çäresi has-da täsirli boldy. Mekdebiziň talyp ýaşlary akyldary we onuň döwürdeş şahyrlaryny janlandyrdylar.
Mundan başga-da, şol gün mugallym N.Halmyradowanyň ýolbaşçylygynda mekdebiziň okuw binasynyň girelgesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi guraldy. Sergide şahyryň dürli ýyllarda çekilen portretleri, dürli ýyllarda we dürli dillerde neşir edilen kitaplar ýerleşdirildi. Bu şahyryň edebi mirasyny talyplara has içgin düşündirmäge ýardam etdi.
Şeýle-de, şol gün mugallym B.Gurbangeldiýewanyň yglan etmeginde “Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy” atly diktant bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikdee mekdebimiziň talyp ýaşlary diktant ýazmak bilen, türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryny bilişlerini synadylar. Bu bäsleşik ökdeleri öňe çykardy.
15-nji martda mekdebimiziň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary B.Saparowanyň we A.Musaýewiň guramagynda “Hoş gelipsiň Diýara, läle-reýhan Nowruzym” ady bilen aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä mekdebiziň talyplary işjeň gatnaşdyrlar.
Ýene-de şol gün mugallym B.Murzaýewanyň yglan eden “Zehin bäsleşigi” geçirildi. Bäsleşik test görnüşinde geçirilip, onda Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine degişli soraglar ýerleşdirildi. Bäsleşik talyplaryň bilim-başarnyklarynyň artmagyna ýardam etdi.
Hepdeligiň jemleýji güni mugallym J.Muradowanyň “Iň oňat okuw otagy” atly yglan eden bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige mekdebiziň talyplary öz auditoriýalaryny şahyrlaryň ömri-döredijiligi bilen baglanyşdyryp bezediler. Bäsleşikde birinji orna 106-njy toparyň okuw otagy, 2-nji orna 115-nji toparyň okuw otagy, 3-nji orna bolsa, 210-njy toparyň okuw otagy mynasyp boldy.
Hepdelige işjeň gatnaşan talyplara hormat hatlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Umyt Baýramalyýewa,
B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy