“Halk Maslahaty - türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylgynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek boýunça ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň dabaralar eýwanynda “Halk Maslahaty - türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygynda Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymlary Saparbaý Jumaýew, Alişer Şihnazarow hem-de mekdebiň Ýaşlar guramasynyň başlygy, geografiýa mugallymy Sylap Atabaýew dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde goýlan wezipelerinden we maksatlaryndan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdylyp, ykdysady, senagat, önümçilik, söwda, hyzmatlar, öňdebaryjy tehnologiýalar we durmuş häsiýetli maksatlar barada belläp geçdiler. Sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda görülýändigi barada aýtdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul edilen Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy barada ýurdumyzda yzygiderli işleriň alnyp barylmagynyň esasy ähmiýeti dogrusynda nygtap geçdiler.
Bossan Murzaýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy