”Eli tagamly çeper gyzlar” atly bäsleşik geçirildi.
-,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024- nji ýyl hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasatynyň netijesinde beýik özgertmeleriň, uly üstünlikleriň ýyly hökmünde taryha girdi. Ine munuň ýene bir şaýady: 14/03/2024ý. ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatymyzda hereket edýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda ”Eli tagamly çeper gyzlar” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinden üç talyp gyz hem gatnaşyp, II orna mynasyp boldular.
Bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly seneleriň , milli baýramlaryň üsti bilen ýaş nesilleri belent maksatlara we halal işlere ruhlandyrmak, Halkara Nowruz baýramy bilen bagly däp – dessurlarymyza laýyklykda gadymdan bäri dowam edip gelýän milli tagamlarymyzyň taýýarlanylyşyna bolan höwesi artdyrmak we döwrebap dowam etmek maksady bilen Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatymyzyň talyp gyzlarynyň arasynda “ Eli tagamly çeper gyzlar” atly bäsleşigi yglan edýär.Geçirilen bu bäsleşik örän gyzgalaňly geçdi.
Bäsleşigiň şertleri
1.”Bereket çeşmesi – türkmen saçagy” – bu şertde bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy”atly kitabyndan ugur alyp, Nowruz toý saçagyny bezemeli hem-de taýýarlanan toý saçagyndaky naz-nygmatlary, tagamlary şahyrana söz bilen çeper wasp etmeli.(wagty 5 minut )
2. “Unaş-uzuň işidir”- bu şertde bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy”atly kitabyndan ugur alyp,türkmeniň milli nahary bolan unaşy ussatlyk bilen kesip görkezmegi başarmaly( unaş üçin hamyry öňünden taýýarlap gelmeli)( wagty 5 minut)
3.”Gelse Nowruz äleme, reňk kylar jahan peýda”- bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp gylar Milli bahar baýramynyň ähmiyetini, many-mazmunyny aýdymlaryň, gazallaryň, dessanlaryň , rowaýatlaryň üsti bilen buýsaçly wasp etmeli(wagty 5minut)
Bäsleşigiň ýeňijileri gymmatbaha sowgatlar bilen sylaglandyryldy
Miwe Agyşowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji Zenanlar guramasyň başlygy.