Zehin bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýudumyzyň her bir bilim ojagynda bolşy ýaly, biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem talyplaryň döwrebap bilim almaklary, olaryň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin gerekli bolan ähli şertler döredilip berilýär. Döredilip berilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň matematika mugallymlary Sona Kurbanowa we Güljemal Omarowanyň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň 28-nji martynda “Zehin bäsleşigi” ady bilen gyzykly we çekeleşikli bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige 3-nji ýyl talyplaryndan düzülen iki topar gatnaşdylar. Toparlar matematika dersine degişli çylşyrymly meselelere we logiki soraglara jogap bermek arkaly bäsleşdiler. Bäsleşikde iki topardan gatnaşan talyplar deň ballara eýe boldular. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara mekdebimiz tarapyndan hormat haty bilen sylaglandylar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
matematika mugallymlary Sona Kurbanowa, Güljemal Omarowa