Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamyna hem döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berlip, hil taýdan kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler belent üstünliklere guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimli ýaş nesilleri kemala getirmäge, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek işi şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. Şonuň netijesinde ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksady, wezipeleri we ýörite ugurlary kesgitlenilip, bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda sanly serişdeler giňden peýdalanylyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, milli bilim ulgamy kämil derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýäris» diýip belleýär. Hut şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, maksada okgunly bolup kemala gelmegi boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasy bu ulgamda üznüksizlik we yzygiderlilik ýörelgesi esasynda bilim bermek işinde onuň basgançaklarynyň arasynda özara baglanyşygy, şeýle-de bu işi amala aşyrýan bilim edaralarynyň ysnyşykly hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde häzirki wagtda bilim ulgamyndaky özgertmeler oňyn netije berýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri terbiýelemäge bolan ünsüň has güýçlenmegi ýokary derejede ösýän kämil jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy ugur hökmünde saýlanyp alyndy. Çünki ylym-bilim röwşen geljegimiziň aýdyň kepilidir.
Milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bossan MÜRZÄYEWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, 
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi.
“Mugallymlar gazeti” 01.04.2024ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09