TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY
Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri aprel aýyny saglyk aýy hökmünde bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem aprel aýyna saglyk aýy hökmünde badalga berildi. “Sagdyn bedende sagdyn ruh” diýlişi ýaly, ýurdumyzyň çar tarapynda bedenterbiýe we sport çäreleri giň gerim aldy.
Şeýle çäreleriň biri hem Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň arasynda geçirildi. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle bilim-terbiýe bermek bilen meşgullanýan zenanlarymyzyň bu çärelere işjeň gatnaşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bäsleşige gatnaşyjylar woleýbol, küşt, şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmeli çäreleriň çäklerinde geçirilen bu bäsleşiklere biziň B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň zenan mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň wagyz edilýän günlerinde şeýle çäreleriň geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Bäsleşikler diýseň gyzgalaňly geçdi. Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, mekdebiziň matematika mugallymy Kurbanowa Sona küşt boýunça birinji orna, rus dili mugallymy Agyşowa Miwe şaşka boýunça ikinji orna, rus dili mugallymy Paşykowa Oguljemal stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ikinji orna, mekdebimiziň zenan mugallymlaryndan düzülen topar woleýbol boýunça ikinji orna mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşyjylara Hormaty hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Güneşli ülkämizde ýaýbaňlandyrylan bu çäreler ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
Umyt Baýramalyýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mekdebiň woleýbol boýunça ýygyndy toparynyň agzasy