Dünýä saglyk bilen görkli

Dillerimiziň senasyna öwrülen «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär, halkymyzyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýar, ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürli ýyllarda halkymyza peşgeş eden kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanyna, ene topragyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr.
Geçen ýyl ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XV jildiniň halkymyza gowuşmagy milli lukmançylygymyzyň täze üstünligi boldy. Bu neşir durmuşyň, ylmyň talaplaryny doly ödeýän, öz wagtynda ýazylan kitap bolup, alym Arkadagymyzyň barlag-tejribeleriniň netijeleridir.
Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýşat TOÝBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09