Mekdebimiziň umumyýaşaýyş jaýynda “Matematika ylymlaryň şasy” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Maglumatlaryň çalt depginler bilen ösýän döwründe adama diňe bir bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň kesgitli jemini almakdan başga-da, durmuşyň täze şertlerine uýgunlaşmak, dürli ýagdaýlarda ugur tapmak, ýüze çykýan meseleleri seljermek, çözmegiň ýollaryny tapmak, öz öňüňde maksatlary goýup, olara ýetmek, maglumatlary almak we olary peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmek üçin matematika hepdeliginiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde talyplaryň zehinlerini synamak, artdyrmak maksady bilen Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli mekdebimiziň matematika mugallymlary Sona Kurbanowa we Güljemal Omarowanyň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde “Matematika ylymlaryň şasy” ady bilen geçirildi.
Bu geçirilen bäsleşigiň şertine laýyklykda mekdebimiziň 1-2-nji ýyllyk talyplaryndan düzülen “Kesim” we “Şöhle” toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça berlen soraglara dogry we dürs jogaplary berip, “Şöhle” topary ýeňiji boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa baha berýän eminler topary talyplaryň geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde, öz ugurlary bilen bagly bu bäsleşigiň geçirilmeginiň uly ähmiýeti barlygyny buýsanç bilen bellediler. Ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymlary Sona Kurbanowa, Güljemal Omarowa