Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekili, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Ýusup Nuryýew