Kitap – kämilligiň gözbaşy

Bilşimiz ýaly kitap durmuşyň aýnasydyr diýilýar. Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan, jöwher paýhasyndan dörän kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär.
Hormatly Prezidentimiz geçmişden geljege uzaýan ýollarda ýaşlaryň ornunyň örän uludygyny nygtap, durmuşda elmydama aýgytly gadamlary basmagy – gerek ýerinde oýlanşykly töwekgellikleri başarmagy öwüt edýär.
Mundan başgada kitapda:,,Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirlensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär” diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň asuda durmuşda ýaşamaklygy we döwrebap bilim almaklary üçin yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. 
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçiryän beýik özgertmeleri, ýurdumyzy ýagty geljege tarap alyp barýan ýoluna özüniň röwşen nuruny çaýýar. ,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher payhasyndan döran kitaplaryny çeper okaýyşyň, sahnanyň, şygyrlaryň üsti bilen wagyz etmek maksady bilen Turkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, şeyle hem Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň bilelikde gurnamagynda ,,Kitap – kämilligiň gözbaşy ‘’ atly bäsleşik geçirildi.
Türkmenleriň kitaba, paýhas-parasata goýýan hormaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy : ,,Kitap okan gullar magnydan dokdur’’ diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mahir -muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar.
Şulardan ugur alyp bäsleşige gatnaşyan talyp gyzlarymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ,,Ýaşlar -Watanyň daýanjy ‘’ atly kitabyny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Atalyk kitaplaryny çeper sungatyň üsti bilen wasp etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”atly kitabynda şeýle bellenilýär: “Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar.Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan,zandyna ornan mirasydyr”. Watana bolan söýgi şahyryň döredijiliginiň,goşgularynyň gözelligini,ajaýyplygyny has-da belende göterýär.Munuň özi islendik ynsanyň kalbyny ýyladýar,adamzadyň şirin owazyna öwrülýär.Bu ruhy baýlyk uly hazynadyr,egsilmez mirasdyr.
Garaşsyz , hemişelik Bitarap döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan , il-ýurt bahbitli , umumyadamzat ahmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň , türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli , dünýä ahmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 
Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzasy
Maýsagözel Amangeldiýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09