Alymlar: Global ýylama adamlaryň ukusyny azaldar
Klimatyň üýtgemegi adamlaryň ukusyny azaldyp biler diýlip, One Earth makalasynda aýdylýar. Muny Mir24 ýetirýär.
Alymlaryň bellemegine görä, geçirilen tejribe ortaça temperaturadan ýokary temperaturanyň adam ukusyny bozýandygyny subut etdi.
“Biz munuň ilkinji nobatda yssy howada ukynyň gijikdirilmeginiň we has ir oýanmagyň esasynda bolýandygyny görkezýäris” – diýip, Kopengagen uniwersitetinden Kelton Maýnor habar berdi.
Tejribe üçin alymlar uka gözegçilik etmek üçin bileziklerden ýygnalan anonim global maglumatlary ulandylar. Umuman, dürli yklymlaryň 68 döwletinde 47 müň uly adamyň gijeki ukysy barada 7 mln ýazgy işlenildi.
Alymlar temperaturanyň 30 gradusdan ýokary bolan gijelerinde ukynyň ortaça 14 minut azalýandygy baradaky netijä geldiler. Şeýle-de, ýedi sagatdan az uky almak ähtimallygy temperaturanyň ýokarlanmagy bilen artýar. Ösen däl ýurtlarda temperaturanyň täsiri has ýokary boldy, bu hem kondisionerleriň ýoklugy bilen bagly bolup biler.
Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, 2099-njy ýyla çenli global temperaturanyň ýokarlanmagy adam ukusynyň ýyllyk dowamlylygynyň 50-58 sagat azalmagyna sebäp bolup biler.
Ataýewa Güljan Kuwadowna,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.