Sport oýunlarynyň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport biziň üçin örän möhümdir. Çünki sport bilen meşgullanmak sagdynlyga ýol açýar. Sport oýunlarynyň peýdaly häsiýeti, bedenterbiýe işjeňligi, adama bedeni berkitmäge we günüň dowamynda gujurly bolmaga kömek edýär.
Sport oýunlary akyl we beden taýdan ösmegiň serişdesidir. Sport bilen meşgullanýan wagtymyz köp zat öwrenýäris. Ol bize ýol bermezden kyn ýagdaýlarda göreşmäge mejbur edýär. Sport bilen meşgullanmak dostluk duýgusyny hem ösdürýär, akyl we fiziki çydamlylygy ösdürmäge kömek edýär. Ol bize ruhy güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar. Umuman aýdanyňda, beden saglygymyzy gowulandyrýar. Sport oýunlary biziň akyl we fiziki mümkinçiliklerimizi hem gowulandyrýar. Ynsan üçin sportuň gadyr-gymmaty eýýäm çagalykda ornaşýar, sebäbi çagalara mekdepdöwründe sport oýunlarynyň käbir görnüşleri öwredilýär. Şonuň üçin sport bilimiň aýrylmaz bölegidir. Sport bize zehinimizi açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biz oňa çagalygymyzdan başlap çynlakaý çemeleşmeli. Şeýlelikde, sport adam durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Geljekde bu ugry ösdürmek üçin sport infrastrukturasy hemme ýerde ýokary derejede ösdürilýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe görnüşi bolan açyk sport oýunlary adam bedenine has uly täsir edýär. Bu oýunlar adam üçin özboluşly sagdyn güýmenje bolup, köp sanly oňyn duýgulary kemala getirýär. Sport oýunlarynda türgenleşik wagtynda we oýunlaryň dowamynda dürli hereketler we maşklar ýerine ýetirilýär, netijede beden myşsalaryna we dem alyş ulgamlaryna oňyn täsir edýär, ýürek-damar we nerw ulgamlaryny güýçlendirýär, çydamlylygy ösdürýär. Şeýle hem, sport bilen meşgullanylýan wagtynda metabolizm gowulanýar we köp kaloriýa ýakylýar.
Mysal üçin, tennis – depressiýany ýeňip geçmegiňajaýyp serişdesidir. Şeýle hem bu oýun nerw, dem alyş, ýürek-damar we daýanç-hereket ulgamlarynyň işine oňyn täsir edýär. Tennis ünsi gowy ösdürýär, reaksiýanyň tizligini ýokarlandyrýar. Tennis oýnalanda hereket deň paýlanýar, bu bolsa ähli myşsa toparlaryny gowy ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär.
Şonuň üçin ýygy-ýygydan akyl işjeňliginden fiziki işjeňlige geçmeklik gowy netije berýär. has gowy dynç almaga goşant goşýar. Sport oýunlary diňe bir adamyň beden taýdan ösmeginiň we saglygyny berkitmegiň täsirli serişdesi däl. Şübhesiz, ol adam durmuşynyň beýleki taraplaryna-da täsir edýär: sagdynlyk, jemgyýetdäki orny, ahlak we intellektual aýratynlyklary, zähmet işjeňligi, estetika, öz-özüňi terbiýelemek, dürli çylşyrymly ýagdaýlarda çalt we dogry baş alyp çykmak we ş.m.
Babajanowa Ruhsara Şiralyýewna,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.