Ylym-bilim — ösüşleriň gözbaşy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bu ulgamda düýpli we toplumlaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we onuň hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda bilim berlişiň hil derejesi halkara ülňülerine laýyk getirildi. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagy uly ähmiýete eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň dünýä derejesinde täze gazananlaryna uly orun bermegi, onuň ylym-bilim syýasatyny dabaralandyrýar.
Bilim ulgamynda sanly bilimiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrjak, ýokary hünärli, zehinli ýaş nesilleri taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň işi döwrebap guralýar, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly bilime innowasion esasda çemeleşmekde, häzirki zaman ösen tehniki serişdelerden, maglumat gorlarynyň ulanylyşyndan, ösen tehnologiýalardan raýatlaryň baş çykaryp bilmegini gazanmakda, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaşlaryň dünýä ölçeglerinde bilim almagy şertlendirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde okatmagyň innowasion çemeleşmelerinden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan raýatlarymyz netijeli peýdalanýarlar.
Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bu döredilýän mümkinçilikler olaryň ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak raýatlar bolup ýetişmeginde giň ýollary açýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ýaşlarymyzyň yhlasly okamaklaryna uly höwes döredýär. Biz — ýaşlara ylym-bilim öwrenmekde şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Meredowa Aýlar Bazarowna,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.