TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işler bedew batly menzilleriň ak geljege, ýagty ertirlere atarylýandygyny äleme buşlaýar. Türkmen halkynyň uçar ganaty bedewler bilen bagly pursatlar bolsa kalbyňa egsilmejek joşgun bagyşlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen ýakyndan tanyşmagy hem halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasynyň örän uludygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Milli Liderimiz iş saparynyň çäklerinde bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň başynda, täze doglan taýy synlap, oňa şanly ýylymyz bilen baglylykda, Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlere belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz özüniň «Bedew» atly goşgusynda:
Pasly-bahar güle çümen çaglary,
Bark uranda sähra-düzi, daglary,
Göwün at üstünde ganat baglady,
Seýle çykyp alys ýollara bedew —
diýmek bilen, türkmen bedewiniň pasly baharlardaky nowjuwan keşbini ussatlyk bilen suratlandyrýar. Baharyň hoştap howaly günlerinde bedewler bilen didarlaşmak kalbyňda ajaýyp duýgulary oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär. Geçen ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan, ýurdumyzyň başlangyjy bilen, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň älem içre belent ykrara eýe bolýandygynyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Şanly ýylda dünýä inen Şahyr atly bedewiň gadamlary batly, ýeňişleri şöhratly bolsun!
Bibi GURBANGELDIÝEWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Daşoguz habarlary – 18.04.2024ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09