Taryha baý, ajaýyp eser
Şanly wakalar we şöhratly seneler arkaly beýik taryhyň altyn sahypalary ýazylýar. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyzyň şanly wakalara beslenýän şu taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň neşir edilmegi köňül buýsanjymyzy goşalandyrdy. Täze kitap watandaşlarymyz, bilim işgärleri, talyp ýaşlar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Şu mynasybetli ýakynda Beki Seýtäkow adynda Mugallymçylyk mekdebinde “Taryha baý, ajaýyp eser” atly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň wekilleri hem-de Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Ýusup Nuryýew, Aýbölek Otuzowa Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Narjan Täjibaýewa dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda bu ajaýyp eseriň baý many-mazmunyny, kitabyň baplary, taryhylygy barada belläp geçdiler. Kitapda türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň degişli bölümlerinde giňden beýan edilýändigi barada çykyş edenler nygtadylar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Bossan Murzaýewa