Dünýäniň danasy
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, umumadamzadyň akyldar şahyrydyr. Onuň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary üstünden ençeme asyrlar geçsede, könelmeýän paýhas bolup, köňüllerde orun tutýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşme» diýip akyldar şahyrymyza beýik baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden, dünýä derejesinde belläp geçmek hakyndaky Karary, şeýle hem şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzy guwandyrdy.
Bu günki gün, hakykatdan-da, dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, filosofik garaýyşlaryny öwrenmäge uly isleg bildirýär. Çünki öňdengörüji dananyň şahyrana dünýäsinde jemlenen filosofiýa, dünýägaraýyş bir milletiň ruhyýet çäginden juda giň bolup, ol umumadamzat üçin niýetlenen ajaýyp kelamlardyr. Her bir güni toý-baýramlara beslenýän ata Watanymyzda akyldar şahyrymyza bagyşlanan ençeme dabaralar, maslahatlar, şeýle-de yzygiderli çap edilip, halkymyza ýetirilýän kitaplar bolsa diýseň guwandyryjydyr. Has buýsançly ýagdaý hem, akyldara bagyşlanan şeýle çäreler, dabaralardyr ylmy-amaly maslahatlar diňe bir öz Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde hem giň gerim alýar. Dürli döwletlerde, dürli dillerde Magtymguly Pyragynyň goşgulary neşir edilýär we muňa halkara ähmiýetli ýagdaý hökmünde seredilýär. Sebäbi dünýä alymlarynyň we filosoflarynyň bellemegine görä, Magtymguly bir asyra ýa-da ömre şygardan beýik akyldardyr. Ol umumadamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy geçmişi şu gün we şu güni bolsa röwşen ertirler bilen baglanyşdyrýan paýhas köprüsidir. Şahyryň dürdäne şygyrlary adamzat paýhasynyň goldaýan ähli hakykatlaryny özünde jemlemek, ynsana durmuşy hakykat nazarynda düşündirmek bilen, ähli ýüreklerde orun alýar. Şahyryň dana sözleri, jümleleri nakyl derejesinde biziň durmuşymyzda uly mazmuna eýe bolan mizemez ýol-ýörelgämizdir. Hut şonuň üçin hem akyldar şahyrymyza buýsanyp, onuň dürdäne şygyrlaryndan ruhlanyp ýaşamak, gurmak, okamak, döretmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Beýik Magtymgulynyň hormatyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, Watan, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Umyt BAÝRAMALYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Aşgabat gäzeti - 11.04.2024ý.