Magtymguly —dünýäniň danasy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, umumadamzadyň akyldar şahyrydyr. Onuň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary üstünden ençeme asyrlar geçse-de, könelmeýän paýhas bolup, köňüllerde orun alýar.
Bu günki gün hakykatdan-da dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň döredijiligini hem-de onuň dürdäne şygyrlaryny we filosofiki garaýyşlaryny öwrenmäge uly isleg bildirýär. Akyldaryň şahyrana dünýäsinde jemlenen filosofiýa, dünýägaraýyş bir milletiň ruhyýet çäginden juda giň bolup, ol umumadamzat üçin niýetlenen, sözlenen ajaýyp kelamlardyr.
Her bir güni toý-baýramlara beslenýän ata Watanymyzda akyldar şahyra bagyşlanan ençeme dabaralar, maslahatlar, şeýle-de yzygiderli çap edilip, halkymyza ýetirilýän kitaplar diýseň guwandyryjydyr. Has buýsançly ýagdaý hem, akyldara bagyşlanan şeýle çäreler, dabaralardyr ylmy-amaly maslahatlar diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde hem giň gerim alýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli döwletlerde, dürli dilleriň ençemesinde neşir edilýär we muňa halkara ähmiýetli ýagdaý hökmünde seredilýär. Dünýä alymlarynyň we filosoflarynyň bellemegine görä, Magtymguly bir asyra ýa-da ömre sygardan beýik akyldardyr. Ol umumadamzat şahyrydyr.
Magtymguly Pyragy geçmişi şu gün, şu güni bolsa röwşen erte bilen baglanyşdyrýan paýhas köprüsidir. Onuň dürdäne şygyrlary adamzat paýhasynyň goldaýan ähli hakykatlaryny özünde jemlemek, ynsana durmuşy hakykat nazarynda düşündirmek bilen ähli ýüreklerde ykrar edilýär. Şahyryň dana sözleri, jümleleri nakyl derejesinde durmuşymyzda uly mazmuna eýe bolup, biziň mizemez ýol-ýörelgämizdir. Hut şonuň üçin hem akyldar şahyrymyza buýsanyp, onuň dürdäne şygyrlaryndan ruhlanyp ýaşamak, okamak, döretmek, gurmak bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. Magtymguly Pyragynyň hormatyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ii-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Umyt BAÝRAMALYÝEWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 
Türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Mugallymlar gazeti – 22.04.2024ý.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09