Kitap ylymlaryň çeşmesidir
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz batly gadamlar bilen öňe ösüşlere barýar. Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe kitaplary ýaşlar üçin ýol-ýörelge bolup durýar. Muňa mysal edip ,,Älem içre at gezer”, ,,Döwlet guşy”, ,,Paýhas çeşmesi”, ,,Ömrümiň manysy” atly kitaplarynyň uly many-mazmuna eýedigini görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ,,Ynsan kalbynyň öçmejek nury” kitabynda N.Saryhanowyň ,,Kitap” hekaýasy barada aýdylyp, Magtymguly Pyraga goýýan belent sarpasyny görýäris. Gahryman Arkadagymyz ,,Paýhas çeşmesi” kitabynda ,,Kitap okaýanyň ruhy baý”, ,,Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz”, ,,Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir” diýip belläp geçýär. Kitap bilen hemişe arabaglanyşykda bolmak ýaşlaryň gözýetiminiň giňelmegine we dünýägaraýşynyň ösmegine uly ýardam edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ,, Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly il-halkyna sowgat edýän ilkinji kitabynyň ýaşlar we olaryň geljekdäki wezipeleri hakynda bolmagy onuň watançy ýaşlaryň beýik geljegi gurujylardygyna bolan ynamyny alamatlandyrýar. Kitapda bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Talyplaryň bilim derejesini artdyrmak maksady bilen, mugallymlar we talyp ýaşlar bolup, öz Mugallymçylyk mekdebimiz hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen sanly ulgam arkaly ,,Gadymy Änew medeniýeti-adamzadyň gymmatly mirasy” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahaty B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurtäç Halmyradowa alyp bardy. Maslahatda B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, ,,Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Amanbaý Jowjiýewiň ,,Änew- müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” diýen temada, B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bibisere Saparowanyň ,,Änew medeniýetiniň öwrenilişi” diýen temadan, B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Maksuda Töräýewanyň ,,Arkadagly Serdaryň ylhamyndan galkynan Änew” diýen temadan, B. Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň kitaphanaçysy Jümägül Durdyýewanyň ,,Dünýä kitap bilen açylýar” diýen temadan eden giň we çuň manyly çykyşlary diňlenildi. Soňra Daşoguz welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň usulçysy, “Magtymguly Pyragy medalynyň “ eýesi Tirkeş Hümmiýew ,,Buýsanjymyzy goşalandyrýan kitap” diýen tema esasynda, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa ,,Ruhy baýlygyň şuglasy” atly temada, şeýle-de Daşoguz welaýat kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň I derejeli kitaphanaçysy Gülnur Begmyradowa ,,Gadymy Änewiň buýsançly beýany” atly tema esasynda çuň mazmunly, talyplara gerekli gymmatly maglumatlar barada gürrüň berdiler. B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 201-nji toparyň talyplary Öräýew Joşgun, Nurmädowa Gülşirin, 108-nji toparyň talyby Ataýewa Läle özleriniň Änew baradaky öwrenen maglumatlaryny giňişleýin aýdyp berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ähli welaýatlarda uly göwrümli kitaphanalar ulanmaga berildi.
Biziň talyplarymyz okuwdan boş wagtlary kitaphana gelip, öz bilimlerini artdyrýarlar. Geçmişde möhüm edebi ojaga öwrülen görnükli şahsyýetleri, söz ussatlary, edebi çeşmeleri atababalarymyzdan miras galan çeper gymmatlyklary dünýä aýan edildi. Çeper edebiýatlaryň üsti bilen daş-töweregimizi gurşap alan durmuşa akyl ýetirmegi öwretmekde, zähmet adamlaryna hormat goýmakda, watançylyk ruhunda terbiýelemekde kitap örän ähmiýetli serişde bolup durýar. Kitaby gözümiziň göreji ýaly hormat goýup saklamalydyrys.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesillerimize baý edebi mirasymyzy öwrenmäge döredip berýän şertleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Olaryň tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurtäç Halmyradowa.