Muzeýler taryhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy
Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň mugallymy Bossan Murzaýewanyň şahsy iş meýilnamasy boýunça gurnan ”Muzeýler taryhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy” atly Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen syýahatçylyk
Milli mirasymyz, ruhy-medeni gymmatlyklarymyz, kämil medeniýetimiz we sungatymyz biziň mizemez binýadymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň Watany hemmetaraplaýyn özgertmegi milli mirasa sarpa goýmak bilen baglanyşdyrmagy hem bizeşeýle diýmäge mümkinçilik berýär. Sebäbi milli miras, ruhy-medeni ýörelgämiz, däp-dessurlarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň esasyny düzýän gymmatlyklardyr. Halkyň ruhy şu gymmatlyklaryň jümmüşinde has berkeýär, jebisleşýär,kämilleşýär. Diýmek, milli miras halkymyzy ruhy taýdan bitewüleşdirip, beýik işlere ruhlandyrýan özboluşly güýçdür.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar bardaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi hem-de Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeýler-taryhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy” atly gezelenç çäresi geçirildi.
Çäräniň esasy maksady Mugallymçylyk mekdebinde “Başlangyç synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti” dersinde okuw sapaklarynda sapakdan daşary okuwy guramagyň, geçirmegiň ähmiýetini talyplara öwretmek, talyplary hünär ugurlary boýunça taýýarlamakda, kämilleşdirmekde esasy işleriň biri hökmünde alnyp baryldy.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi
Bossan Murzaýewa