Bilimli ýaşlar Watanymyzyň geljegidir
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlar uly güýç hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär edinmegi, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalaryny durmuşymyzyň her ädiminde duýýarys hem-de şol aladalara mynasyp zähmetimiz bilen jogap bermäge çalyşýarys. Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri hem yzygiderli geçirip durýarys. Ol çäreler ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Ata Watanymyzda ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent nesilleri ýetişdirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde hem günsaýyn gülläp ösýän eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň, ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek maksady bilen, döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň kämil tehnologik enjamlar, kompýuterler, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilmegi okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyryp, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna giň ýol açýar. Şeýle hem ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin iň kämil sport enjamlary bilen üpjün edilen sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi nesillerimiziň sagdyn we ruhubelent ösmegine ýardam edýär.
Uzukjemal ARAZGULYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Salgy: türkmengazet.com