Iň gadymy şäherler

Dünýädäki her bir şäheriñ özboluşly taryhy bardyr. Olaryñ käbiriniñ düýbüniñ tutulanyna birnäçe ýyl geçen bolsa, käbirleriniñ asyrlaboýy dowam edip gelýän taryhy bar. Ýöne welin müňlerçe ýyl mundan ozal döredilip, biziň döwrümize ýetip gelen şäherler adamzady özüne haýran edýär. Beýle şäherler dünýäni boýun egdiren basybalyjylaryň, hiç hili merhemeti bilmeýän tebigy betbagtçylyklaryñ garşysynda sarsman ösüşini dowam edip gelýärler. Geliñ şeýle şäherleriň birnäçesi bilen tanyş bolalyñ.
Benares – Hindistandaky iň gadymy şäher bolup, onuñ taryhy biziň eýýamymyzdan öñki XI asyrdan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Şäheriñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ biri hem häzirki wagtda iñ gadymy din bolan induizm dininiñ dörän ýeri bolmagydyr. Her ýyl müñlerçe adam bu şähere zyýarata gelýär.
Plowdiw – Bolgariýada ýerleşip, ýurtdaky ikinji uly şäherdir. Şäheriñ Nebet depe taryhy ýadygärliginden tapylan tapyndylar onuñ taryhynyň biziň eýýamymyzdan öñki 4000-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Bu gadymy şäher taryhda Frakiýalylaryñ, Parslaryñ, Makedonlaryñ we Osmanlylaryñ ähmiýetli daýanç nokady bolup hyzmat edipdir.
Afiny – Gresiýanyñ iñ uly we iñ gadymy şäheridir. Bu ýerde ilkinji ýaşam adamlardan galan tapyndylar biziñ eýýamymyzdan öñki 7nji müñýyllyga degişlidir. Bu şäher gadymy döwürlerden bäri medenìýetiñ ojaklarynyñ biri hasaplanyp, Ýewropa siwilizasiýalarynyñ gözbaşy hasaplanýar. Sokrat, Aristotel ýaly ägirtleri ýüze çykaran şäher Ýewropadaky iñ gadymy paýtagt şäherdir.
Damask – Siriýanyñ paýtagty bolan bu şäher dünýädäki iñ gadymy şäherdir. Bu ýerde ilkinji adamlar biziñ eýýamymyzdan öñki 7-8nji müñýyllyklarda ýaşap geçipdirler. Damask taryhda ençeme beýik döwletleriñ hatarynda bolup, hat-da belli bir ýyllarda musulman dünýäsiniñ merkezi bolup hem hyzmat edipdir. Şäher 2008-nji ýylda arap medeniýetiniñ paýtagty diýlip yglan edildi. Häzirki wagtda şäherde 2milliona golaý adam ýaşaýar.

Gylyjowa Merjen,
Beki Seýtäkow adyndaky 
Mugallymçylyk mekdebiniň  1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09