Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “AÇYK GAPYLAR GÜNI” geçirildi
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar bardaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde hem ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri, boş wagtlaryny döredijilikli peýdalanmaklary üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Ýylyň-ýylyna Mugallymçylyk mekdebinde “Açyk gapylar güni” uly şatlyk-şowhuna beslenip, ruhubelentlik ýagdaýda guramaçylykly geçirilýär.
Bu gezekki Açyk gapylar gününe hem birnäçe myhmanlar, orta mekdebiň mugallymlary, okuwçylary höwes bilen gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar mekdebiň her usuly birleşmesi tarapyndan taýýarlanan ýörite sergini synladylar. Mugallymçylyk mekdebininde ýerleşýän edara binalary mejlisler zaly, kitaphana, onda talyplara okamak üçin döredilýän şertler, elektron kitaphana ulgamy, mekdebiň içki portal ulgamy barada şeýle-de sport zaly talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandyklary barada has içgin tanyşdylar. Soňra ýörite Mugallymçylyk mekdebiniň taýýarlan wideo filmi görkezildi. Çärä gatnaşyjylar mekdebiň halypa mugallymlary bilen gürrüňdeşlik geçirip, özlerinde dörän gyzyklanmalaryny sorag-jogap alyşmak arkaly öwrendiler. Bu günki geçirilen çärä gatnaşmaga gelenlerde Mugallymçylyk mekdebine uly gyzyklanma döretdi we has täsirli boldy.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Bossan Murzaýewa