PÄHIM-PAÝHASYŇ ŞAHYRANA YKRARNAMASY

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly gelnen Karar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki günlerde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli mazmundaky döredijilik duşuşyklary, ýaryşlardyr bäsleşikler guralýar. Beýik akyldar şahyr hakda şeýle mazmundaky çäreleriň geçirilmegi Gündogaryň beýik danasynyň mirasyna goýulýan sarpanyň belentdigini ýene bir gezek aýdyň subut edýär.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde guran “Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy” atly  maslahaty hem türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly toýuna bagyşlanylyp geçirilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar zaman” obasynyň gözel künjegini bezäp oturan “Berkarar” toý mekanynyň uly zalynda geçirilen bu maslahata mekdebimiziň talyplarydyr mugallymlary bilen birlikde ylmy intellegensiýanyň wekilleri, medeniýet işgärleri, şeýle-de daşoguzly işewürler we telekeçiler  hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilermeni, filologiýa  ylymlarynyň kandidaty Sapargül  Aşyrowanyň Magtymguly Pyragynyň ylmy taýdan öwrenilişi, mekdebimiziň mugallymlary Arazgeldi Ýegenowyň, Bibisere Saparowanyň, Serdar Saparowyň  Magtymgulynyň örän çuň manyly, dürdäne setirleriniň ýaşlara terbiýe bermekdäki uly ähmiýeti barada eden çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annatuwak Kakaýewanyň bagtyýar döwrümize, Türkmen halkynyň Milli Lideri, hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bagyşlap ýazan şygyrlary, Türkmenistanyň “Demirýollary”  açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti  Läle Begnazarowanyň Magtymgulynyň sözlerine aýdan häzirkizaman we halk aýdymlary çärä gatnaşanlara lezzet paýlady. Mekdebimiziň 313-nji we 314-nji toparlarynyň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýasy, çeper höwesjeňleriň aýdan aýdymlarydyr dessanlary dabaraly maslahatyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Maslahata gatnaşanlar  Türkmen halkynyň Milli Lideri, hormatly Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edip, egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler.
Maksuda Töräýewa, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09