“Gahrymanlar watansöýüjiligiň nusgasydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat
Uruş we zähmet weteranlary Watana birkemsiz gulluk etmegiň nusgasy bolmak bilen jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün etmegine agzybirligiň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýarlar. Bu gün Watan duzuna wepaly bolup, ýeňiş baýdagyny diken gerçekleriň ýeňşi hormatlanyp, “Ýeňiş güni” baýram edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň geçmişe beýik sarpasy hökmünde 1941-1945-nji ýyllarda öz ömürleri bilen ýyllara nusgalyk mertligi görelde edip goýan uruş weteranlarymyza, tylda galan ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklap oturan enelerimize goýulýan sarpadan nyşandyr!
Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 9-njy maý Ýeňiş güni mynasybetli “Gahrymanlar watansöýüjiligiň nusgasydyr” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatda Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, halypa mugallym Nurnazarow Gaýypnazar, mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň eýesi, halypa mugallym, Jowjiýew Amanbaý, mekdebiň taryh mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medalyň eýesi Jumaýew Saparbaý, mekdebiň psihologiýa mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdymedowa Ogulşat mugallym dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlerçe gahrymanlyk görkezen gerçeklerimiziň hatyrasynyň bu günki günde Döwlet Baştutanymyz tarapyndan has belentde sarpalanýandygy, Watan gerçekleriniň edermenlegini geljekki nesilleriň aňyna, ruhuna siňmelidigi barada halypa mugallymlar nygtap geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylygy ugrunda bitirýän beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza dabara gatnaşýanlaryň adyndan alkyş sözleri aýdyldy.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Bossan Murzaýewa