Tomusky tejribelige taýýarlyk dersinden
“Merkezlerde we meýdançalarda gurnak işleriniň ýola goýluşy” diýen temadan 201-nji toparyň talyplarynyň taýýarlamagynda “Güller baýramçylygy” atly gurnak geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynda belleýşi ýaly: ”Terbiýe we tejribe ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her bir işimiz tejribämize öwrülýär. Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris” diýip nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän şertdir, mümkinçililklerinden peýdalanyp Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde hem talyp ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, döredijilikli pikirlenmekleri ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Mekdepde ders mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmegi bilen birnäçe gurnaklar hereket edýär.
Tomusky tejribelige taýýarlyk dersinden okadýan mekdebiň psihologiýa mugallymy Gözel Ýagşymyradowanyň görkezme bermegi esasynda 201-nji toparyň talyplary “Merkezlerde we meýdançalarda gurnak işleriniň ýola goýluşy” diýen temadan tomusky tejribelik döwründe çagalaryň dynç alyş möwsüminde wagtlaryny has gyzykly we täsirli geçirmekleri, özlerinde bar bolan ukyp-başarnyklaryny görkezmek üçin birnäçe gurnak işlerini geçirip boljakdygy barada talyplara düşündirdi.
Talyplar şu sapagyň dowamynda “Güller baýramçylygy”diýen gurnagyň geçirilişini görkezdiler. Olar gülleriň birnäçe görnüşleri, olaryň ýetişdirilişi, häsiýetli aýratynlygy dogrusynda gyzykly we täsirli maglumatlary gürrüň berdiler. Gülleriň owadanlygy boýunça toparlara bölünişi barada dürli täsirli çykyş etdiler. Dürli görnüşli gül çemenlerini taýýarlap görkezdiler.
Çagalaryň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň ösmegi üçin şeýle işler yzygiderli alnyp barylsa has ähmiýetli boljakdygy barada ders mugallymy talyplaryň dykgatyna ýetirdi.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Bossan Murzaýewa