Baş Kanunymyz Ösüşiň we rowaçlygyň ýol-ýörelgesi!

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türmenistanyň Magtymguly adyndaky 
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde “Baş Kanunymyz Ösüşiň we rowaçlygyň ýol-ýörelgesi!” atly geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre

Asuda asmanda, dünýä belentliginde buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyz diňe bir halkymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarymyzyň amala aşmagy däl eýsem, ähli milli mukaddesliklerimizi alamatlandyrýar. Döwlet Baýdagymyzyň öňünde baş egmek, Döwlet Tugumyza buýsanmak we Döwlet senamyzy höwes bilen ýerine ýetirmek ýaly mukaddes işler mähriban Watanymyzyň hem-de onuň azatlygy ugrunda baş goýan gahryman ata-babalarymyzyň öňünde baş egmegimiziň nyşanydyr. Çünki merdana halkymyz hemişe şunuň ýaly kuwwatly döredijilik güýjüne berk ynanýar. Baş Kanunymyz milletimiziň beýik watansöýüjiligini ahlaklylygyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli ýaşaýşynyň, ruhy-medeni däp-dessurlarynyň ykrar edilmegidir. 
Baýramçylyk mynasybetli ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň dabaralar eýwanynda Türmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi hem-de Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnan “Baş Kanunymyz Ösüşiň we rowaçlygyň ýol-ýörelgesi!” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.  
Baýramçylyk çäresinde Türmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Aýnur Ýusupowa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Ogulşat Durdymedowa, Maýsa Amangeldiýewa, Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Narjan Täjibaýewa dagylar çykyş etdiler. 
Çykyşlarda Döwlet baýdagymyz halkymyzyň özboluşlygyny, Konstitusiýamyz garaşsyz, özbaşdak döwlet ösüşini, taryhy çeperçiligini, syýasy taýdan öz-özüni kesgitlemegini we milli durmuş-ykdysady ugruny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy mynasybetli tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralar raýatlarymyzy, ylaýta-da, ýaş nesillerimiziň kalbyny buýsançdan we halkymyza, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez söýgüden doldurýar. Bu baýram biziň ýurdumyzda hoşniýetli we paýhasly ýörelgeleriň, beýik ruhy gymmatlyklaryň egsilmez güýjüniň sazlaşygyny emele getirýär diýip belläp geçdiler.
        
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Bossan Murzaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09