Haly täsinligiň gözbaşy.

Bir gezek dutaryň halydan dokalan gabyny görüp geň galypdym. Haly horjunyň, haly çuwalyň, haly eňsiniň (gapy kilim) baryny bilýänem bolsam, dutar daşy (ony şeýle atlandyrýan ekenler) görmändim. Ýöne soňra eşidip otursam, täsin haly önümleri başga-da kän ekeni.
Türkmen halkynyň eli çeper gelin-gyzlary edil häzirki döwürde bolşy ýaly geçmişde hem dokmaçylygyň dürli ugurlarynda özleriniň el hünärlerini görkezipdirler. Öňki döwürde gelin-gyzlar haly önümleriniň has köp görnüşleini öndüripdirler. Olaryň doly bolmadyk sanawy şulardan ybarat.

Jul – bedew atlaryň haly eşigi.

Tüpeňdaş – tüpeňleri salyp goýmak üçin şonuň ölçeginde dokalan haly.

Namazlyk – iki tarapy göniburçly, kybla tarapy ýarym aýlaw şekilli haly.

Dogabag – ini dört barmak ýaly, bedew atlaryň boýnuna bezeg üçin dakylýan haly önümi.

Bukja – mekdebe-medresä gatnaýan talyplaryň göterýän ýantorbasy.

Möhür daş – möhürleri salyp goýmak üçin kiçijik haly torba.

Perman daş – Permanlary, tarhan hatlaryny salyp goýmak üçin haly torba.

Ikselik – Ik salynýan haly torba.

Aşyk torba – Aşyk salyp goýulýan haly torba.

Haly önümleriniň dürli görnüşlerine biziň mirashanalarymyzda duşmak bolýar.

Ogulnur ANNAMURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09