Bilim binýady barha berkeýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda bagtyýar çagalarymyza döwrebap ylym-bilim bermekde degerli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bagtyýar nesillerimize dünýä ölçeginde ylym-bilim, asylly terbiýe bermek üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Hakykatdanam, mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döredip gelen ruhy hem-de maddy gymmatlyklarynyň ählisi ýaşlara nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmeniň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply, watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalar hem-de ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir.

Oguljan GÖLLIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Salgy: turkmengazet.com