Energiýanyň alternatiw çeşmeleri
Hormatly prezidentimiz her çykyşlarynda iň gowy daşary ýurt tejribelerini işjeň öwrenmäge, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň kadalaryny seljermäge, tebigy serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary ulanmaga çagyrýar. Hususanda munuň özi bir tarapdan, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler hökmünde Gün we ýel energiýasyny peýdalanylmagyna, beýleki tarapdan bolsa, binalaryň ýerasty suwlarynyň hereketi we gün şöhleleriniň ugurlary hasaba alyp ýerleşdirilmegine degişlidir. Şeýle hem ýagyş ýagmyrlary oýlanşykly peýdalanmak gerek ýagyş suwlary toplamak ulgamy olary baglary suwarmakda ulanmaga mümkinçilik berer.
Energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň howanyň we tebigatyň arassa saklanmagynda uly täsiriniň bardygy hemmä mälimdir. Emma isle ýelden alynýan bolsun, isle-de Günden tapawudy ýok, bu çeşmelerden ýylyň ähli paslynda, dürli howa şertlerinde peýdalanyp bolmaýar. Hatda akar suwlardan alynýan energiýany elmydama üznüksiz peýdalanyp bolmaýar. Suwuň kesilmegi önümçiligi togtatmaga ýada azaltmaga getirip bilýär. Emma ösen tehnologiýa şeýle bökdençlikleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Iň arassa energiýa çeşmesi hasaplanýan Gün beketleri hem ýagyşly ýa-da bulutly howada garaşylan netijäni bermeýär. Bu ýagdaýyň öňüni almak maksady bilen daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan energiýany alternatiw çeşmeleriniň akymynyň üznüksizligini üpjün etmek boýunça birnäçe işler alynyp barylýar. Şol sanda öňden görüji we parasatly milli liderimiziň baştutanlygynda biziň güneşli ülkämizde hem daşky gurşawa has az zyýan ýetirýän energiýany öndürmekde, energiýanyň has arassa çeşmelerini almaklygy kämilleşdirmekde uly tagalla edilýär.
Häzirki wagtda hünärmenleriň aýtmagyna görä tebigata zyýansyzdygy bilen tapawutlanýan çeşmäniň indi beýleki çeşmelerden ykdysady we maliýe taýdan arzan düşüp başlandygyny belleýärler.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzda giň gerimli şäher gurluşygynda ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmäge mümkinçilik berer

Mekangeldi HYDYROW,
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Salgy: newashgabat.com