TÜRKMEN HALKY TOÝ TUTANDA
Gündogaryň beýik söz ussady MagtymgulyPyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024nji ýylyň «Pähimpaýhas ummanyMagtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi dünýäniň ünsüni ýene bu gadymy topraga gönükdirdi.
17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar. Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr.
Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion
tehnologiýalary ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilýär.
Daşary ýurtly myhmanlar we çärä gatnaşýan wekiller üçin dabaranyň ahyryndaky dronlaryň şüweleňi «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi.
Geçen hepdäniň dowamynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli guralan çäreleriň giň toplumyna biziň welaýatymyzyň döredijilik we intellegensiýa wekillerine, şol sanda mekdebimiziň iňlis dili mugallymy, “Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy” atly kitabyň awtory, magtymgulyşynas Maksuda Töräýewa hem gatnaşmak bagty miýesser etdi.
Sona Kurbanowa,
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy