Biosferany goramak meselesi

Biosferanyň esasy düzüm bölekleri bolan howa, suw we toprak adamlaryň akyl-payhassyz we rejesiz peýdalamaklygy netijesinde hapalanýar. Eýsem, hapalanmak näme? Bu ýaşaýyş gatlagynda tebigy we antropogen sebäpleriň netijesinde fiziki, himiki we biologiki jisimleriň birleşmeleriniň adatdakysyndan çürt-kesik ýokary bolmagy, gurşawyň ýaramazlaşmagydyr. Meselem, suwuň bulançaklygy, suwuň şorlaşmagy we başgalar. Bu ýagdaý köplenç köp haryt öndürmek, gazanç etmek netijesinde ýüze çykýar. Biziň köpimiz dem alýan howamyzy,aşa peýdalanýan suwumyzy, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin ulanýan topragymyzy, edil daş kömür, nebit ýaly tebigatyň mugt berilen peşgeşi hasaplaýarys. Biz olara aýawly çemeleşmeýäris. Biziň planetamyzda daş kömrüň, nebitiň we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň ätiýaçlygy tükeniksiz däldir. Olary täzeden dikeldip bolmaýar. Edil şunuň ýaly ýagdaý howa, suwa we topraga-da degişlidir. Biosferanyň bu düzüm bölekleri bolsa, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň ýaşamaklygynyň, ösmekliginiň, nesil öndürmekliginiň esasy çeşmeleri bolup durýar. Ýöne olar adamyň işjeňliginiň oňaýsyz täsirleri netijesinde ýyl geçdigiçe hapalanýar.
Suw gurşawynyň hapalanmagy diňe janly bedenler, ösümlikler üçin gorkuly bolman, eýsem suw howdanlary, bentler we beýleki gurluşyk desgalary üçin hem howpludyr. Zäherlenen suw demir-betony weýran edýär, demir karkaslary çüýredýär, olary hatardan çykarýar, gurlan gidrodesgalara uly zyýan ýetirýär. Hapalanan we şor suwlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsine (biosfera) ýetirýän zyýany barada asla gürrüň hem bolup bilmez. Suwy esasy hapalaýjylar, nebit we nebit önümleridir. Ondan soňra suw gurşawyny we janly-jandarlary sintetik maddalar zäherleýärler. Olar senagatda, ulagda, durmuş hajatlarynda giňden peýdalanylyp, ilki suw gurşawyna, soňra topraga aralaşýarlar. Bu birleşmeleriň mukdary akar suwlarda 5-15 mg/l-e ýetýär, adatça bolmalysy bolsa 0.1 mg/l-dir. 1 metr kub suwda 1 gram nebit garyndysy, balyk tohumlarynyň ösmegi üçin howpludyr (5-nji surat).
Suw gurşawyny hapalandyryjylara şeýle hem metallara degişli bolan simaby, sinki, misi, hromy, galaýyny, gurşuny, marganesi, radioaktiw elementleri, zäherli himikatlary goşmak bolar. Olar ekerançylyk ýerlerinde, mal ýataklarynda suwa goşulýarlar we hapalanan suw ösümlikleriniň hem-de janly bedenleriň ýaşaýşyna zyýanly täsir edýärler.

Hydyrowa Mahrijemal
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby
Salgy :  newashgabat.com

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09