Jemgyýetde maşgalanyň orny we sosial goraglylyk

Maşgala-sosial edaranyň hem sosial toparyň hem sypatlaryny özünde jemleýän ulgamdyr. Sosial edara hökmünde maşgala – maşgala agzalarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýän sosial kadalaryň, nusgalyk häsiýetleriň jemi bolup çykyş edýär. Maşgala – nika ýa-da gan birligine esaslanýan, agzalary umumy durmuş birligi, özara ahlak jogapkärligi we birek-birege hemaýat bermekligi bilen baglaşan sosial topar bolup çykyş edýär. Jemgyýetde maşgalanyň ilkinji wezipesi geljekki nesli öndürmek we çaga terbiýelemek bolýar. Biziň galkynýan zamanamyzda maşgalanyň ykdysady, hünär we medeni wezipeleri hem artýar. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde maşgala agzalarynyň biri-biri bilen ykdysady baglanyşygy güýjeýär. Kiçi we orta telekeçiligiň ösmekligi bilen olaryň hünärleriniň umumylygy berkär. Türkmen maşgalasynyň aýratynlygy diňe bir onuň giňeldilen görnüşi bilen bagly bolman eýsem, är-aýalyň maşgala gymmatlyklaryna gönükdirilendikleri bilen hem tapawutlanýar. Maşgala gymmatlyklary asyrlaryň durmuş tejribesiniň jeminden kemala gelipdir. Biziň galkynýan eýýamymyzda türkmen maşgalasynyň ösüşi maşgala gatnaşyklarynyň we maşgala gymmatlyklarynyň berkemekligi bilen baglydyr. Biziň döwletimiz adamlaryň sosial goraglylygyny gazanýar.


Jumabaýewa Ogulnäzik
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09