Ýaşlar — ýurduñ geljegi
Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.
Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem munuň şeýledigini aýdyň subut etdi. Gurultaýda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň jemgyýetdäki orunlaryny has-da berkitmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz: «Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, Ýaşlar guramasynyň işine ýokary baha berdi we öňde durýan wezipelerini kesgitledi. Bu bolsa bizi belent sepgitlere ruhlandyrdy hem-de ata Watanymyzyň öňünde uly jogapkärçilik duýgusyny döretdi.
Ýaşlar hakda bimöçber aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, il-bähbitli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Mammedowa Ogulnäzik,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji yyl talyby.
Salgy: newashgabat.com