Psihologiýa ylmynyň kemala gelmegi.
Psihologiýa adalgasy. Islendik ylym özüniň öwrenýän ders hadysalary, olary derňemek usullary bilen tapawutlanýar. Psihologiýa – bu babatda beýleki ylymlardan düýpli özboluşlylyk mahsusdyr. Takyk bilim düşünjeleriniň ulgamy mazmunynda ol diňe ýörite meşgullananlara mälim bolup, durmuş hadysalary hökmünde bolsa, her kime tanyşdyr. Biziň ata-babalarymyz paýhasy adamyň bedenine salnan, görýän, eşidýän, syzýan zatlarymyzy seljeriji başga bir gurluş häsiýetde düşündiripdirler. Pelsepe jähtden paýhasyň tebigatyny we ýüze çykyşyny düşündirýän materialistik we idealistik garaýyşlar bardyr.
Idealistik garaýşyň nukdaýyndan dünýäniň maddy we nusga-ideal goşa başlangyjy bolup, nusga häsiýet barlygyň görnüş, keşp tarapynyň onuň maddy, mazmun tarapyny kesgitleýji orunda bolýar. Bu garaýyşlaryň aýrybaşgalygy pelsepäniň akyl ýetiriş nazaryýetiniň mazmunynda has äşgär ýüze çykýar: adam barlyga akyl ýetirmekde zatdan pikir, aňyýete geçýärmi ýa-da tersine-ilki aňdaky belli bir mazmunyň esasynda onuň maddy mazmunyny tapýarmy? Bu sowala ol ýa-da beýleki jogap bilen degişlilikde iki dünýägaraýşyň birini düzýär.
Platonyň pikiriçe, paýhas, jan, ruh adamyň bedeniniň baş, döş, garyn ýaly böleklerinde pähim, gaýduwsyzlyk, meýil görnüşinde hereket edip, ölenden soňra ony terk edip «aňyýet dünýäsine» goşulýar.
Aristotel paýhasy bedeniň hyzmaty hasaplap, jandara özüni amalyýetde amala aşyrmaga mümkinçilik berýän hereketlendiriji hökmünde belleýär.
Ylym ulgamynda “psihologiýa” – “psihika” adalgasy XVIII asyrda ýüze çykyp, paýhasy hadysalary ilkinji gezek täzeden öwrenmäge synanyşyk edilýär. Adamyň bedeniniň duýgy organlardan gowuşýan maglumata nähili jogap berýändigi ýaly sowal ylmy esasda anyklanyp başlanýar.
Obýektiw psihologiýany döretmeklige ilkinji ädimler Fehner, Weber ýaly alymlar tarapyndan goýlup, olar daşky täsiriň (stimul) güýji bilen onuň döredýän duýmasynyň arasyndaky mukdar baglanyşygy häsiýetlendirýän kanuny esaslandyrýarlar.
Özbaşdak ylym hökmünde psihologiýa diňe XIX asyrda ýüze çykyp, ony esaslandyryjylaryň biri W.Wundt. Wilgelm Maksimilian Wundt nemes lukmany, fiziolog we psihology. Ol ylmy esasda aňyň mazmunyny we gurluşyny öwrenmeklige başlap, ol oňa gurluş nukdaýdan çemeleşmegiň başlangyjyny goýýar.
Babajanowa Aýgözel
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby
Salgy: newashgabat.com