Tutuş ýylyň dowamynda haýsy witaminleri kabul etmeli

Hünärmeniň sözlerine görä, şeýle witaminleriň üçüsi bar: D witamini, omega-3, magniý. D witamini ýagda ereýär, şol sebäpden onuň siňdirilmegi üçin adamda ýag ýetmezçiliginiň bolmazlygy zerurdyr. Bu witamin bedende toplanýar.
Ony esasanam Ortaýer deňziniň demirgazygynda ýaşaýan adamlara kabul etmek möhümdir. Lukmanlar adatça D witamini arassa görnüşinde, D3 ýa-da D3 + K2 bilen bilelikde maslahat berýärler. Bu bedeniň özboluşly aýratynlyklaryna baglydyr.
Omega-3 balyklaryň düzüminde bolýar. Bu witaminiň ýetmezçiligi, saglyga peýdasy bolmadyk ýygy-ýygydan garbanmak ýa-da adamyň balygy seýrek iýýänligi sebäpli ýüze çykýar. Esasanam bu meselede, az ýagly berhizleriň tarapdary bolany üçin, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly adamlar üns bermeli.
Bedeniň derejesini saklamagyň zerurlygy üçin ilkinji ýerde magniý bar. Bižiň bedenimiz bu mikroelementi hemişe sarp edýär. Gaharlandykmy – magniý ýitirýäris. Garraýarys – magniý ýitirýäris. Egerde aşgazan-içege ulgamlary, böwrekler, endokrin ulgamy ýa-da bejerilmedik infeksiýalar bilen baglanyşykly kynçylyklarymyz bar bolsa, onda iýmitiň düzümindäki magniýniň siňdirilmegi iň pes derejä çenli azalýar “-diýip lukman düşündirdi.

Garajanowa Aýna,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09