AKYLDAR ŞAHYRYŇ ESERLERI — HALKYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gözbaşly ene dili, nusgawy edebiýaty, milli medeniýeti bar. Bularyň hemmesi baky bagta eýe bolan halkymyzyň bahasyz gymmatlygydyr, ruhy baýlygydyr. Şeýle ruhy baýlyklaryň nusgasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, miras goýan eserleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, adamzadyň uly gyzyklanma bilen okaýan goşgularyna öwrüldi. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge, wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiňtäze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä ýaýylýar, dünýä alymlarynyň üns merkezine öwrülýär. Çünki şahyr diňe bir Gündogar şygyr sungatyny däl-de, eýsem, dünýä edebiýatyny ösdürmekde we baýlaşdyrmakda uly hyzmatlary bitirdi. Söz ussadynyň pelsepewi garaýyşlary ähli ynsanyň ýüreklerinde orun aldy, many çuňluklary bilen ylym dünýäsini baýlaşdyrdy. Şonuň üçin hem ençeme asyr geçse-de, paýhas hazynasynyň gymmaty nakyla öwrülip, adamlaryň arasynda barha baý mazmuna eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde dünýäniň görnükli alymlary, edebiýatçylary Magtymtguly Pyragynyň döredijiligi barada ajaýyp pikirlerini beýan edýärler. Orta Aziýa syýahat eden A.Wamberi: «Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlygy onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr» diýip belleýär. Şeýle hem Ý.E.Bertels: «Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda, täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar» diýip ýazýar. Bu meşhur alymlaryň, syýahatçylaryň belleýşi ýaly akyldaryň eserleri diňe bir many-mazmun babatda däl, eýsem, olarda türkmen diliniň baýlygyny şirinligini hem görmek bolýar. Çünki şahyryň eserleri dilimiziň gymmatly baýlygyny şirinligini, many goýazylygyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly ähmiýet berilmegi bütin türkmen halkyny begendirýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar- Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmen ýaşlary we edebiýat barada gürrüň açanymyzda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine ýüzlenmek maksadalaýyk bolup durýar. Umuman, milli edebiýatyň asyl kökleriniň halk döredijiligine, «Görogly» eposyna, halk dessanlaryna birleşýändigi tebigy kanunalaýyklykdyr. Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly akyldar şahyrymyza bolan buýsanç ähli döwürlerde hem örän ýokary derejä eýe bolupdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde sapakda we sapakdan daşary geçirilýän çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň durmuşyň dürli ugurlaryna bagyşlap ýazan goşgulary her bir ynsany dogry ýola gönükdirýär. Şahyryň durmuşy temada ýazan goşgularynyň ýaş nesli terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem biz - bilim işgärleri akyldar şahyryň goşgularyna ýygy-ýygydan ýüzlenýäris, bu gymmatlyklary ýaşlara öwretmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, arzuwlan zamanasynda ýaşamak, döredijilikli işlemek bagtyň nusgasydyr. Türkmen halkyny berkarar döwleti döremäge çagyran beýik şahsyýet Magtymguly Pyragy pikir-hyýallarynda berk binýatly türkmen binasyny arzuwlan bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Türkmen halky beýik şahyryň arzuwlan berkarar döwletinde onuň şygryýetine uly sarpa goýýar. Muňa mysal edip, 2024-nji ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300ýyllyk toýunyň bellenmegini aýdyp bolýar. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, şahyryň döredijiligine bagyşlanan dürli medeni-köpçülik çäreleri, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, şahyryň goşgularyndan çeper okaýyşlar yzygiderli geçirilýär. Şunlukda, akyldaryň döredijiligi dünýä edebiýatyna nusga hökmünde açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklaymyzy dünýä ýaýýan dabaralary yzygiderli geçirmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagyna we şöhrata eýe bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Çünki akyldar şahyryň döredijiligi, beýik eserleri diňe biziň halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi hazynasyna uly goşant goşdy. Milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak her bir bilim işgärleri üçin bagtyýarlykdyr. 

Jeren MURADOWA 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy
Mugallymlar gazeti-06.05.2024ý. №37

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09