Çaga-ömrüň dowamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bedew bady bilen barha öňe barýar. 1-nji iýunda dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly Türkmenistanda hem çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Ata-babalarymyzyň “Çagany ýaşdan – edebi başdan”, “Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň çägi” ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp ýurdumyzda çagalaryň watansöýüjiliginiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi maksat edinýär. Watanymyzda hem çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy dostlugy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzyň geljegi ösüp barýan ýaş nesle bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby hem munyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, mekdepler, sazçylyk we çeperçilik mekdepleri, sport toplumlary, çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan “Ene mähri” saglygy goraýyş merkezleri açyldy. Durmuşymyzaň gymmatly we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk, ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!

                                             Ogulnur Annamuradowa
               Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09