DÜNÝÄ ÜLŇÜLERINIŇ SAZLAŞYGY

Bilim almak ynsanyň durmuş ýolundaky möhüm tapgyrdyr. Orta bilimi ýokary netijeler we oňat bahalar bilen tamamlan okuwçy akyl bazasynda başlangyç, emma öňdäki durmuş üçin has möhüm bolan bilimleri toplaýar. Bu bolsa, öňdäki durmuş ýoluna netijeli girişdir. Şondan soň ýaş ýetginjek saýlap alan hünäri boýunça bilimini kämilleşdirmek üçin ýokary okuw mekdebine gadam goýýar. Bu ýerde ol kämil bilimleri özleşdirip, möhüm basgançagy geçip, iş saýlap, hünär edinip, uzak geljegi nazarlaýan hünär ýoluna girişýär. Bular durmuşyň esasy böleginden käbir pursatlardyr. Şeýle pursatlar ädimme-ädim dowam edýär. Her bir ädim arkaly ynsan durmuşyň aýgytly synag ýoluna düşýär we bu ýolda kä üstünlikler, käte kemçilikler bilen taplanýar, kämilleşýär, durmuş terbiýesini özleşdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim almagyň döwrebap ulgamy kemal gelýär. Baş maksat bolsa, döwrebap pikirlenip bilýän, hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri ýetişdirmekdir. Munuň üçin, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ähli mümkinçilikler döredilýär.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň okgunly ösüşlere beslänýän gündelik senenamasynda şu güni düýnünden, ertiri şu gününden has-da bereketli we joşgunly geljek günleriň hatary barha uzaýar. Halkymyz Watana bolan buýsançly söýgüsi, hyjuwly yhlasy, joşguny  bilen öz goşandyny goşmak arkaly halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen, ýaş nesilleriň döwrebap şertlerde bilim almagy, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, dünýägaraýşynyň giň bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň giň gerim alýan döwründe ýaşlar saýlap alan hünärleri boýunça hünär endiklerini kämilleşdirýärler, nazary we amaly bilimlerini sazlaşykly ösdürýärler. Şeýle-de, daşary ýurt döwletlerinde guralýan okuw saparlaryna hem gatnaşyp, öz tejribelerini artdyrýarlar. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň dünýä döwletlerine amala aşyrýan döwlet saparlarynda bolýan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde ýaşlaryň hem bolmagy döwletimiziň ýaş nesillere berýän ünsüniň iňňän ýokarydygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim syýasaty özüniň oňyn miwelerini berýär. Ýaşlar özleri barada edilýän aladalara jogap edip, bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzyň çäginde, daşary ýurtlarda geçirilýän milli we halkara ylym-bilim olimpiadalarynda ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi, bilim ulgamynyň ýokary derejelere göterilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda  bilim özgertmeleriniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylmagynda we dünýä ölçeglerine laýyk getirilmeginde halkara hukuk kadalaryndan ugur alýan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna möhüm orun degişlidir. Bu Kanun bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady bolup durýar we bu ulgamda düzgün-tertibi kadalaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz döwlet wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrdy. Dünýä tejribelerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak we bilim ojaklaryny innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tilsimatlar bilen üpjün etmek maksadynda özgertmeler tapgyry bagtyýarlyk döwrümizde giň gerim aldy. Bilim bermegiň 12 ýyllyk umumy orta bilime geçirilmegi bu ugurda asylly we netijeli ädim boldy. Hut şunuň esasynda, 2013 – 2014-nji okuw ýylynda orta mekdeplerde mekdep durmuşyna alty ýaşyndan başlaýan çagalar üçin ilkinji jaň kakyldy. Şol okuw ýylyndan ilkinji gezek 11-nji synp okuwçylary okadylyp başlandy. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri, orta mekdeplerde ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň mirasy, habar beriş-kommunikasiýa we informasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika ýaly täze sapaklar girizildi. Şeýle hem, 11-nji synplarda özüňi alyp barmagyň medeniýeti we dünýä medeniýeti boýunça bilim berlip başlandy.
Her ýyl ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň sany yzygiderli artýar, şeýle hem täze hünärleriň köp sanlysy açylýar, täze ýokary okuw mekdepleri bilim bermegiň aýdyň ýoluna gadam basýar. Häzirki wagtda umumybilim berýän mekdeplerde sapaklary elektron kömekçileri peýdalanmak bilen, interaktiw multimediýa görnüşinde geçmek işi giň gerimde ornaşdyrylýar. Şeýle dünýä tejribesi ýaş türkmenistanlylaryň okuwa gyzyklanmasynyň artmagyna, mekdep okuwçylarynyň bilim derejeleriniň ýokarlanmagyna, turuwbaşdan bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwrüň täzeçe pikirlenmäni we öňdebaryjy dünýä tilsimatlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy ugur edinýän döwründe bu möhüm ähmiýete eýe bolan tapgyrdyr. Şonuň üçin hem, ähli mekdepler häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyna bildirilýän talaplara laýyklykda, çagalaryň hemmetaraplaýyn intellektual we beden taýdan ösüşi üçin ähli zerur çäreleri göz öňünde tutýar. Okatmak işi öňdebaryjy kompýuter tehnikalary arkaly alnyp barylýar.
Şeýle ösüşler we özgertmeler uzak geljek üçin ýurdumyzyň milli bilim tejribesiniň emele gelmeginde möhüm ähmiýetlidir. Şeýle çäreler şu ýyl giň gerimde alnyp barylýar we geljekde hem dowam eder. Esasy maksat bolsa, ýaş nesliň  döwrebap bilim almagyny we kämil nesilli jemgyýetiň kemala gelmegini gazanmakdyr. Bu ugurda türkmen tejribesi kemala gelýär.  Bu taryhy işlerde goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize ýaş nesilleriň, bilim işgärleriniň hoşallyklary çäksizdir. Ýurdumyzyň ýaş nesline dünýä ülňülerine laýyk bilim bermäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Taýýarlan: Ogulnur ANNAMURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09