Ylym-bilim röwşen geljegimiz
Ylym hem-de bilim ulgamlarynda döwür we dünýä bilen aýakdaş hereket etmek ösen döwletleriň alyp barýan syýasatynyň iň möhüm ugrudyr. Çünki ylmyň ähli ulgamlara ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ösüşi has berk binýada eýe bolýar. Ine, şol ugur ösüşli menzilleriň netijeli bolmagyna esas bolýar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralary bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim berlişi sanly tejribäniň esaslary bilen birlikde sazlaşykly alnyp barylýar. Watanymyzda ylma hem-de bilime berilýän uly ünsüň, belent ähmiýetiň many-mazmuny her ýyl giňden bellenip geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň, şeýle hem Ylymlar gününiň özboluşly öwüşgininde öz beýanyny tapýar. Ylym ulgamyna berilýän ähmiýet, ýaşlaryň ylym dünýäsine içgin aralaşmaklaryny gazanmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşiklerde-de aýdyň görünýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi has-da ösdürmek, häzirki döwrüň ýaş nesillerine öwretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da kuwwatlandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär.
Goşaýewa Uzukjemal,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji yyl talyby.
salgy: newashgabat.com