Soňky jaň dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy we medeni taýdan görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösýär. Onuň üçin parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ykdysady we medeni ösüşleriň asylly maksatlarynyň dabaralanýan ýurdunda bagtly ýaşaýan, okaýan, işleýän türkmen ýaşlarynyň Hormatly Prezidentimize bolan söýgüsiniň, hormatynyň çägi yokdur.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Arkadagly Gahryman Sedarymyzyň alyp barýan adalatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady- syýasy, medeniýet, sport, ylym-bilim we durmuşyň beýleki ugurlarynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar. 
Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynda ”Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna  aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip bellemegi ýurdumyzda ýaşlara aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 
Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 2023-2024-nji okuw ýylyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlara ak ýol arzuwlamak maksady bilen soňky jaň gutardyş dabarasy geçirildi. Dabarada mekdebiň mugallymlaryna, talyplaryna, mekdebi tamamlaýan uçurymlara gazanan üstünlikleri, ders, halkara bäsleşikleri, döredijilik we sport  bäsleşiklerine gatnaşyp görkezen ýokary netijesi üçin Mugallymçylyk mekdebiň adyndan hormat hatlary we KA-nyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabarada mekdep ýolbaşçylary, halypa mugallymlar çykyş edip mekdebi tamamlaýan uçurymlara geljekki alyp barjak mugallymçylyk işleriniň ilkinji ädimlerinde uly üstünlilleri, ak ýol arzuw etdiler.  
Dabarada aýdym-sazly çykyşlara-da uly orun berildi. 
Dabaranyň ahyrynda ata Watanymyzy  Garaşsyz  baky  Bitarap ýurdumyzy  ösüşiň  täze  belentliklerine tarap  alyp  barýan Gahryman  Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  uzak ömür, berk jan-saglyk arzuw edip, alkyş sözleri aýdyldy.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Bossan Murzaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09