YLMY – AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde 12-nji iýun ylymlar günine bagyşlanan ,,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylmy gadamlary” atly ylmy – amaly maslahat geçirildi. Daşoguz welaýatynyň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda guralan ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hünär aýrtaynlyklaryny, zähmet üstünliklerini beýän edýän sergi guradylar. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmek üçin ýokary hilli bilimli hünärmenleri taýýarlamak wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi has-da döwrebaplaşdyrylýandygy barada, ýetilen belent sepgitler we gazanylýan üstünlikler barada täsirli çykyşlar etdiler. Öz işine ussat, tapawutlanyp zähmet çekýän mugallymlara we talyplara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
Maslahata gatnaşyjylar ata Watanymyzyň geljegi ugrunda alnyp barylýan işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ähli işleri rowaç bolmagyny, janlary sag bolmagyny buýsançly beýan edip, sag bolsun aýtdylar.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiň
matematika mudallymy Şeker Arazberdiýewa