14
06
2024
Adamzat jemgyýeti ylymyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. Ýaşaýşa zynat berýär. Adamzadyň durmuşa akyl ýetirmeginde ylymyň hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçinem ylym dünýäsi ynsan üçin mukaddeslikleriň we gymmatly çeşmeleriň dünýäsidir. Täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ylym hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň durmuşyna uly özgerşikleri girizjek ylym açyşlara badalga berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris.” diýip, ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär.
Ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigi geçirilýär. Ýakynda “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 30-njy aprelinde çykaran 152-nji buýrugyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 1-2-nji maý aralygynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary ders we toparlaýyn geçirilen bäsleşiklerde I, II, III orunlara mynasyp boldular. Olardan:
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi boýunça:
1. Jemile Ulugbekowna Ismailowa –II orun
Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary dersi boýunça:
2. Aýjahan Baýramgeldiýewna Saparmedowa –II orun
3. Aýbölek Dädebaýewna Baýarowa –III orun
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça:
4. Aýgözel Meretdurdyýewna Muhanowa – II orun
5. Munira Dastanbek gyzy Sapaýewa – II orun
6. Gülnar Öräýewa – III orun
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi boýunça:
7. Şanyýaz Hanmyradowiç Seräýew – I orun
8. Myrat Söýünowiç Baýramow – III orun
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak dersi boýunça:
9. Aýbölek Jepbargulyýewna Kömekowa – III orun
Sanly ykdysadyýet dersi boýunça:
10. Nurbibi Arazberdiýewna Garagoçowa – III orun
11. Bahar Bekmyradowna Allajanowa – III orun
Iňlis dili dersi boýunça:
12. Jumasoltan Öremyradowna Mämmedowa – II orun
13. Aziza Rematullaýewa – II orun
14. Roza Nurmetowna Nurmetowa – III orun
Rus dili dersi boýunça:
15. Nargiza Kamulowna Haýidowa –II orun
16. Mahym Rahmanowna Atabaýewa –II orun
17. Aýnur Arslanowna Rahimowa –III orun
Matematika dersi boýunça:
18. Risalat Ismailowna Saparbaýewa – II orun
– edil şonuň ýaly-da Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebimiz ýurdumyzdaky ähli orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda umumylykda II orna mynasyp boldy.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Okuw bölüminiň müdiri: Amangulyýew Allaguly
08/04/2024
ЗНАЧЕНИЕ ВОДЫ В ФИЗИОЛОГИИ ЧЕЛОВЕКА
21/11/2023
Учитель – почетная профессия
09/11/2023
Мудрые цитаты о преподавании
1.Высшее искусство учителя заключается в том, чтобы пробудить у ученика радость в процессе творческого выражения и получения знаний.Альберт Эйнштейн.2.Учитель не должен ограничиваться уроком, посильным для восприятия ученика, но и воздержаться от непосильного уму ученика вещами.Мухаммет Газалы.3.Обучая других, обучаемся сами.Сенека.4.Воспитание нуждается в 3-х составляющих: талант, знания, упражнения. Требовательность педагога лучше отцовской ласки.Персидская мудрость.5.Высшая радость для учителя – похвала его ученику.Шарлотта Бронте.6.Повторение – мать учения, но лютый враг творчества.Л.Мартынов.7.Обучая других – обучаешься быстрее и лучше.Роза Люксембург.
Адрес:
Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy
20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.