Itburunuň adam saglygyna peýdalary

Itburunuň adam saglygyna peýdalary

  Asyrlarboýy dermanyň deregine melhem hökmünde ulanylyp gelinýän itburun, adam saglygyna özüniň örän köp peýdalary bilen tanalýar. Ol immun ulgamyny (bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny) güýçlendirmekde örän täsirli bolmak bilen bir hatarda, ýokarky dem alyş ýollary keselleriniň howpuny hem azaldýar. Onuň düzüminde polifenol, magneziýa, demir, likopen maddalary bilen birlikde, bol mukdarda A, B, C, E we K witaminleri bar.
  Antioksidantlara baý bolan itburun boýunça geçirilen gözlegler möhüm netijeleri ýüze çykardy. Alymlar itburunuň ýürek keselinden, düwnük keselinden hem-de 2-nji görnüşli süýji keselinden goraýandygyny mälim etdiler.
  Ylmy gözlegler C witaminini sarp etmegiň ýürek agyry howpy bilen berk baglanyşyklydygyny ýüze çykardy. Şonuň üçin C witaminini yzygiderli iýmek ýürek agyry howpuny peseldýär.
  Syçanlar we adamlar baradaky käbir gözlegler, itburun bilen horlanmagyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Şeýle-de bolsa, alymlar bu netijäni doly düşündirmek üçin täze gözlegleriň zerurdygyny nygtaýarlar.
  Itburun özüniň düzümi taýdan oňat agyryny aýryjy hasaplanylýar. Şol sebäpli, itburunuň hroniki keselleri (dowamly agyry) aýyrmakda peýdalydyr.
  Şeýle-de, C witamine we antioksidantlara baý bolan itburunuň deriniň saglygy üçin möhümdigi aýdylýar. Adam derisiniň owadan we ýylmanak bolmasy üçin yzygiderli itburunuň tükedilmegi zerur.
  Itburun demiriň bedende ulanylmagyna kömek edýär. Şol sebäpli, demir ýetmezçiligi bilen bagly ganazlyk kesellerinde itburun örän peýdaly iýmit bolup durýar.
  Itburuny miwe, jem ýa-da çaý görnüşinde tükedip bilersiňiz. Ýöne bu ösümlikden taýýarlanan içgileri içeniňden soň, agzyňyzy çaýkamaly. Sebäbi ondaky turşular dişiň syrçasyna zyýan ýetirip biler.

Taýýarlan: Ogulnur ANNAMURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky 
Mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Zehin we başarnyk

26/05/2026

Zehin we başarnyk

Adamzat jemgyýeti ylmyň hasabyna iňňän belent derejelere ýetip bilýär. Ylym durmuşy kämilleşdirýär. ...

Kämil ynsan - beýik mugallym

28/04/2026

Kämil ynsan - beýik mugallym

Tutuş adamzadyň dost-doganlyk, raýdaşlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny has-da...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09