Dabaraly maslahat

 Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar bardaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň  baş maksady bolup durýar.
   Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi we Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyz Diýaryň geljegi-bagtýar ýaşlar” atly maslahat geçirildi. Maslahata Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
   Dabaraly maslahatda Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Güýjow Ýolly, Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň müdiri, mährem ene Amanýazowa Ogulboldy, Daşoguz şäher Ýaşlar Guramasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Haýtjanowa Şirin, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Omarowa Güljemal dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz milli bilimiň hilini kämilleşdirmäge dünýä ülüňlerine laýyk getirmäge, ylym-bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, innowasiýa tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga, hukuk esaslaryny berkitmäge yzygiderli üns berýändigi, bilimiň ýurdumyzyň geljegini jemgyýetiň ruhy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini aýdyňlyk bilen kesgitleýän esasy ýagdaýlarynyň biridigi barada nygtap geçdiler.
    
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi
Bossan Murzaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09