PEDERLERIŇ NUSGALYK ÝOLUNA BAGYŞLANAN MASLAHAT

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda uly üstünliklere we belent sepgitlere ýetilýär. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly   tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi. “Ozal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, peder ýoluny dowam etdirip, ýaş nesle bilim-terbiýe berip, öz ukyp-başarnygy bilen bilim ulgamynda öçmejek yz goýan Mälikguly aganyň öwüt-ündewleri ähli bilim işgärleri bilen birlikde, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin hem nusgalyk ýol-ýörelgedir.
Ata­babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza  eýerýän Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary hem täze okuw ýylyna batly gadamlar we joşgunly zähmet üstünlikleri bilen geldiler. Şu okuw ýylynyň başlanmagy bilen badalga alan dabaralardyr çärelere utgaşyp geçirilen “Pederleriň ýörelgesi - nesillere görelde” atly maslahat geljekki pedagog hünärmenleri okuwda we döredijilik äleminde täze ýeňişlere  ruhlandyrdy. Mekdebimiziň mugallymlary Miwe Agyşowanyň, Bibisere Saparowanyň milli bilim ulgamynyň taryhy ösüşine mynasyp goşant goşan şahsyýetleriň durmuş we zähmet ýoly bilen baglanyşykly çykyşlary talyplarda uly täsir galdyrdy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň many-mazmuny ýaşlaryň intellektual goruny baýlaşdyrdy. 
 Okuwdan boş wagtlary döredijilik gurnaklaryna gatnaşýan talyp ýaşlarymyzyň ýerine ýetiren alkyşnamasy, sahna oýny maslahatyň döredijilik şowhunyny has hem artdyrdy. Maslahatyň ahyrynda 311-nji toparyň talyby Artykgül Meläýewanyň ýerine ýetiren aýdymy Gahryman  Arkadagymyza  we Arkadagly Gahryman Serdarymyza  Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň tükeniksiz alkyşlary, egsilmez buýsanjy bolup ýaňlandy. 
Mekdebimiziň iňlis dili mugallymy Maksuda Töräýewanyň taýýarlamagynda we alyp barmagynda geçirilen “Pederleriň ýörelgesi - nesillere görelde” atly bu maslahat bilen baglanyşykly gepleşik 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda (sagat 17.05-de başlandy) Türkmen telewideniýesiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymynda öz beýanyny tapdy.
Maksuda TÖRÄÝEWA
Beki Seýtäkow adyndaky 
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09